Sanly ykdysadyýet barada düşünje, onuň maksady we wezipeleri

1767
“Sanly ykdysadyýet” adalgasy ilkinji gezek 1995-nji ýylda Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan ulanyldy we ol informasion-kommunikasion tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegi netijesinde ykdysadyýetiň täze görnüşiniň emele gelendigi bilen baglanyşyklydyr.
Sanly ykdysadyýet – informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamy.
Internet we mobil aragatnaşyk sanly ykdysadyýetiň esasy tehnologiýalary bolup hyzmat edýär.Sanly ykdysadyýet – gibrid dünýä şertlerindäki ykdysadyýet.Sanly ykdysadyýet – ykdysadyýetiň täze görnüşi bolup, hemme gatnaşyjylaryň umumy we şahsy maglumatlaryny ulanmagyň esasynda olaryň ähli isleglerini kanagtlandyrmak bilen häsiýetlendirilýär.

Sanly ykdysadyýetiň esasy alamatlary:
Elektron pul
Kraudfanding
Onlaýn hyzmatlar, zatlaryň interneti (IoT)
Internet bank hyzmatlary
Internet arkaly söwda
Elektron tölegler

Maglumat tehnologiýalary – maglumatlary gözlemek, ýygnamak, ýatda saklamak we olaryň üstünde işlemek usullaryny öz içine alýar.
Sanly platforma – sarp ediji bilen öndürijiniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmak arkaly dürli hyzmatlary ýerine ýetirmegiň tehnologiýalary, usullary we programma üpjünçiligidir.
Sanly Transformasiýa we Sanly Platforma
Big Data (Uly ölçegli maglumatlar) – wagtyň geçmegi bilen göwrümi köpelýän maglumatlar bilen işlemek üçin niýetlenilen tehnologiýalaryň we usullaryň topary.Başgaça, strukturirlenen we strukturirlenmedik görnüşdäki uly möçberdäki maglumatlaryň üstünde işlemegiň usullaryny aňladýar.
Kriptowalýuta – sanly pullaryň täze görnüşi bolup, esasy hökmünde kriptografiýa tehnologiýasy, ýagny, maglumatlary şifrlemek (belgilemek) ulanylýar. Ol fiziki keşbe eýe bolman, diňe elektron görnüşde bolýar. Onuň esasy aýratynlyklary – anonimlik, merkezleşdirilmezlik we goraglylyk.
Kriptowalýutalar 2009-njy ýylda Bitcoin torunyň işläp başlamagy bilen döredi.
Blokçeýn – ýörite düzgünler esasynda özünde maglumatlary saklaýan bloklaryň üznüksiz yzygiderli zynjyry bolup, adatça bu bloklar ulgamyň içinde birnäçe kompýuterlerde ýerleşýär.Kriptowalýutalaryň görnüşleriniň aglabasy bu tehnologiýa boýunça işleýär. Blokçeýn açyk merkezleşdirilmedik maglumatlar toplumy bolup, oňa ähli tranzaksiýalar boýunça maglumatlar ýazylýar we saklanýar.Ol bir aýratyn serwerde ýa-da gaty diskde saklanman, şahalara bölünýär.
Emeli aň (Artificial intelligence) – kompýuter ulgamlary tarapyndan adamyň intelektiniň hadysalarynyň modelirlenmegidir. Bu hadysalar öz içine öwrenmegi we seljermegi alýar.
Emeli aň tehnologiýasynyň esasy ulanylýan ýerleri:
Kognitiw tehnologiýalar
Edarany dolandyrmanyň tehnologiki tapgyrynda esasy mesele hökmünde Çözüwi kabul etmek bolup durýar.Görnüşleri boýunça çözüw kabul etmek ugry, usuly, meýilnamalaýyn, operatiw bolup bilýär. Dogry netijä gelmek üçin bolsa, adam uly göwrümli maglumatlary seljermeli bolýar. Bu ýerde hem Kognitiw tehnologiýalar esasy orny eýeleýär.
Kognitiw tehnologiýalar – informasion tehnologiýalaryň bir görnüşi bolup, dürli görnüşli strukturirlenmedik maglumatlaryň üstünde işläp, dogry çözüwleri kabul etmeklige ugrukdyrylandyr.
Neýrotehnologiýalar – nerw ulgamynyň işiniň esasynda gurlan tehnologiýalaryň toparyna aýdylýar, olar dünýä ykdysadyýetinde täze harytlaryň, bazarlaryň, hyzmatlaryň kömegi bilen adamynyň ýaşyny uzaltmak we durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr.
Kwant tehnologiýalar – fizikanyň we inženerligiň täze bir birleşen bölegi bolup, kwant programmirlemek, kwant kriptografiýasy, kwant simulasiýalar we ş.m. üstünde işleýär.
Zatlaryň interneti (IoT - Internet of Things)
IoT – özünde birnäçe tehnologiýalary birikdirýär, habar berijiler bilen üpjün edilen ähli enjamlaryň internet arkaly baglanmagy netijesinde hakyky wagtda (awtomatlaşdyrylan görnüşde) daşlaşdyrylan monitoringi we hadysalary dolandyrmaga mümkinçilik berýär. 2025-nji ýyla çenli zatlaryň internetiniň dünýä bazarynda 4,3 trillion dollara barabar bolmagyna garaşylýar.
Bulut tehnologiýalary - sanly maglumatlary ýerleşdirmek we gaýtadan işlemek üçin niýetlenen bolup, serwer resurslaryny (iş güýji, uly möçberde maglumatlary ýatda saklamak)  müşderilere onlaýn-hyzmat görnüşinde hödürleýär.Bu tehnologiýalary peýdalanýan programma üpjünçilikleri kompýuterde ýa-da islendik görnüşdäki enjamda işe goýberilýär, emma programmalaryň ähli hyzmatlary we maglumatlary daşlaşdyrylan internet serwerde saklanylýar. Bulutlaýyn tehnologiýalar häzirki wagtda ykdysady aragatnaşyklaryň we gelejegiň biznes-modelleriniň aglabasynyň düýbi bolup durýar.
Ümür hasaplamalary bulut tehnologiýalaryň maglumatlary saklamagyň, hasaplamagyň we torlaýyn arabaglanyşygyň hyzmatlaryny giňeltmek üçin niýetlenendir. Onuň esasy konsepsiýasy maglumatlary bulutda däl-de toruň ahyrky enjamlarynda (kompýuterlerde, mobil enjamlarda, görkezijilerde, akylly baglaýjylarda we.ş.m) işlemekligi öňe sürýär we şeýlelik bilen haryt internetiniň (IoT) guramaçylygynda ýüze çykýan meseleleri çözýär.
Logistika özünde harytlaryň, hyzmatlaryň ýa-da maglumatlarynyň öndürijiden sarp edijä geçirmek hadysasynyň dolandyrylmagyny we modelirlenmegini jemleýär. Oňa üpjün etmek hadysasyny strategik taýdan dolandyrmak hökmünde baha berip bolar. Yzygiderli dolandyrmak material, maliýe we maglumat akymlaryň serişdelerini geçirmeklikde ýüze çykyp biljek saklanmalary aradan aýyrmaga gönükdirilen.
Yzygiderli dolandyrma hadysasyny haýsy hem bolsa bir hemişelik işe degişli edip bolmaýar, ol özünde bir wagtda birnäçe ugurlary jemleýär: şertnamalary resmileşdirmek, serişdeleri dolandyrmak ulgamy, önümi eltmek shemasy, gümrük gulluklary bilen ýakyn baglanyşyk, bazar talaplarynyň gözegçiligi we ş.m. Logistika, özbaşdak bir ugur hökmünde ýükleri eltmekde ýüze çykýan kynçylyklar esasynda  ýüze çykdy.
Sanly logistika – häzirkizaman maglumat tehnologiýalaryň esasynda çykdajylary azaltmak meselesini çözmek üçin material, adam, maglumat we maliýe resurlaryny optimallaşdyrmak esasynda dolandyrmaklyga aýdylýar. Netijede, bu tehnologiýanyň ösüşi ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna täsir edýär. Olara saglygy goraýyş, bilim, maliýe hyzmatlary, ulag we beýleki pudaklar degişlidir.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42